Türkmenistan TDG-niň elektron rugsatnama ulgamyna goşulmaga taýýarlyk görýär

BT
Türkmenistan TDG-niň elektron rugsatnama ulgamyna goşulmaga taýýarlyk görýär
TDG-e agza ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy ýanwary, Baku, Azerbaýjan (Surat: tca.gov.tm)

Türkmenistan Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) elektron rugsatnama ulgamyna goşulmaga taýýarlyk görýär. Munuň özi sebit ýurtlarynyň arasynda özara arabaglanyşygy çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. Bu barada TDG-ä agza ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Baku şäherinde geçirilen 10-njy duşuşygynda guramanyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew mälim etdi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Baş sekretaryň bellemegine görä, geçen ýyl iki sany iri bileleşik – Türki ýurtlarynyň sebitindäki halkara awtoulag daşaýjylar birleşikleriniň bileleşigi hem-de Türki döwletleriň logistika merkezleriniň we ýük daşaýjylarynyň alýansy döredildi. Bu başlangyçlar ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

K.Ömüraliýew sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin ulag çykdajylarynyň artmagy, gümrük amallarynyň çylşyrymlaşmagy ýaly möhüm meseleleri çözmegiň zerurdygyny belledi. “Türki dünýä garaýyş – 2040” strategik meýilnamanyň çäklerinde Orta geçelgäniň ugrunda söwda we gümrük işlerini ýeňilleşdimegiň üstünde işjeň çäreleri görýär.

Türki döwletleriň guramasy – türki dilli ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredilen döwletara bileleşigidir.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan guramanyň agzalary bolup durýar. Wengriýa, Türkmenistan, Demirgazyk Kipr Tükiýe Respublikasy gurama synçy agza hökmünde gatnaşýar.

2022