Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna Aşgabat şäherindäki asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Kararyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hödürledi. Wise-premýeriň bellemegine görä, Aşgabadyň günorta bölegindäki desgalaryň abatlanylmagy olaryň işini bildirilýän talaplara laýyk getirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň işjeň ösdürilýändigini, onda ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň we medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany asma ýoluny döwrebaplaşdyrmak hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.