“Täze Aý” “Weekend”, “Şowhun” we “Salýut” atly täze önümleri çykardy

BT
“Täze Aý” “Weekend”, “Şowhun” we “Salýut” atly täze önümleri çykardy
“Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanasy Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisinde, 2024-nji ýylyň 3-5-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

“Täze Aý” harytlyk nyşany bilen iş alyp barýan süýji-köke kärhanasy täze önüm görnüşlerini – “Weekend” atly tebigy şibit-arpabadyýanly çipsilerini, “Şowhun” atly mekgejöwen taýajyklaryny hem-de tüwüden we bugdaýdan taýýarlanylan şekeriň goýy şiresi ýa-da şeker bilen örtülen “Salýut” atly ýeňiljek süýjüliklerini hödürledi.

Duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berlişine görä, ýakymly tagamy we ysy bilen tapawutlanýan bu önümler eýýäm sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy.

Mary welaýatynda ýerleşýän kärhana häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Süýjülikleriň önümçiliginde Ýewropadan, olaryň bişirilişinde bolsa Türkiýeden getirilen enjamlar ulanylýar. Kärhana her gün süýji-köke önümleriň birnäçe tonnasyny çykarýar. Olar içerki we daşarky bazarlara iberilýär.

“Täze Aýyň” önümlerine ýüzlerçe görnüşler girýär. Şolaryň arasynda “Sarwan”, “Zemin”, “Süýji dünýä” ýaly meşhur süýjülikler, “Şowhun” marmelady we beýlekiler bar.

Geçen ýyl işewür Begenç Orazow “Täze Aýyň” et we şöhlat hem-de ýarym taýýar önümlerine ýöriteleşen täze önümçilik toplumyny açdy.

2022