“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň “BOTAŞ” nebitgaz kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy. Onuň gün tertibine ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi.
“Watan” habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
“BOTAŞ” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň özleri üçin aýratyn ähmiýetlidigini, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurtda iş alyp barmaklary üçin berk hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler.
Türk kompaniýasynyň wekilleri öz üstüne alan wezipelere geljekde hem jogapkärli çemeleşjekdiklerini we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
“Türkiýäniň “BOTAŞ” döwlet nebitgaz kompaniýasy uglewodorod serişdeleri içerki we halkara bazarlara ibermekde hem-de üpjün etmekde iş alyp barýar.