Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 14 million 214 müň ABŞ dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen “B” kysymly korbamid önümi Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.
Gyrgyzystanly işewür 115 müň 466 ABŞ dollarlyk jins jalbarlaryny satyn aldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.