TDHÇMB

Türkmen telekeçisi kömelegiň her günde 1,5 tonnasyny öndürýär

BT
Türkmen telekeçisi kömelegiň her günde 1,5 tonnasyny öndürýär
Telekeçi Babasadyk Çüriýewiň diwarlygy “TSTB – 2021” sergisinde, 2021-nji ýylyň 17 – 23-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TP)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Babasadyk Çüriýewiň kärhanasynda her gün ter kömelekleriň 1 – 1,5 tonnasy öndürilýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Üzümçilik daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän döwlet tarapyndan bölünip berlen 6 gektar ýerdäki ýyladyşhana toplumy 3 gektar meýdany eýeleýär.

Ekologiýa taýdan arassalygy we gaýtalanmajak tagamy bilen tapawutlanýan ter kömelekler Türkmenistanyň söwda nokatlaryna we dükanlaryna yzygiderli iberilýär. Bu önümler dürli işdäaçarlary we tagamlary taýýarlamakda peýdalanyp bolýandygy taýdan uly meşhurlyga eýedir.

Türkmen halkynda saçagy dürli tagamlar bilen bezemek – bolelinligi we rowaçlygy alamatlandyrýan iň gowy däpleriň biridir.

Telekeçi Babasadyk Çüriýewiň bellemegine görä, kärhana alyjylar üçin elýeterli bolmagy ugrunda tagalla edýär. Önümleriň ýokary hiline we olaryň öndürilişiniň netijeliligine aýratyn üns berilmegi toplumyň agzybir işgärleriniň üstünliginiň nyşanydyr.

Şeýle hem kärhana kömelekleri ösdürip ýetişdrimekden başga-da, bu pudakda esasy çig mal bolup durýan kompost dökünini hem öndürýär. Şeýle etmek bilen toplumyň bu döküne bolan öz zerurlyklary hem-de beýleki ýerli telekeçiler üpjün edilýär.

“Tokaýçy” harytlyk nyşany bilen öndürilýän önümler ýokary hiliniň halkara ölçeglere laýyk gelýändigi babatda giňden tanalýar. Häzirki wagtda şeýle harytlyk nyşany bilen ter kömelekler Özbegistana hem eksport edilýär. Munuň özi türkmen harytlarynyň daşarky bazarda bäsdeşlige ukuplydygyny görkezýär.

Ýanwar 30, 2025