Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 27,5 million manada deň bolan “BND 60/90” görnüşli nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Ýerli telekeçiler şeýle hem buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar. Geleşigiň jemi bahasy 4,2 million manada deň boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 17 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.