Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Arkadag şäherine baryp, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyş boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş, medeni we senagat desgalaryň taslamalaryny synlady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy seýilgähleriň abadanlaşdyrylyş derejesine, desgalaryň binagärlik keşbine, olarda ekologiýa ölçegleriniň üpjün edilişine aýratyn ünsi çekdi. Pikir alyşmalaryň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň türkmen milli däpleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtap, şäher gurşawyny kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini berdi.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge we degişli düzümleriň işine bagyşlanan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatdaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtap, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirip, olar bilen şäher düzümleriniň ösdürmek boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda täze lukmançylyk edaralaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, olary halkara ölçeglere laýyk getirmek meselelerine bagyşlanyp, Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co. Ltd” we Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen Halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňişleri bilen gutlady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toparyň agzalarynyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýändigini belledi.
Saparynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde arassaçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegi üçin satyn alnan täze jemagat hojalyk tehnikalaryny synlady hem-de olaryň netijeli ulanylmalydygyny nygtap, bu ugurdaky meselelerde yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.