Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde medeni çäre gurady. Giň jemgyýetçilik wekillerini özüne çeken bu çäre Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryna berk ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Çärä Ýewropa ýurtlaryndan gatnaşyjylar, şol sanda Rotterdam şäheriniň ýaşaýjylary türkmen, iňlis we golland dillerinde ruhlandyryjy sözleri okap, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine çuň hormat goýýandyklaryny beýan etdiler diýlip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Bu çäre ýewropaly ýaşlaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Munuň özi parahatçylyk ideallaryny goraýan täze nesli terbiýelemekde bu başlangyjyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. Çäre Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy Derýa Soýsalyň gatnaşmagynda geçirildi.
Bu başlangyç Ýewropada bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň özboluşly badalgasy boldy. Şeýle hem ol medeni diplomatiýanyň nusgasy we Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygy berkidýändiginiň nyşany boldy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelegelrini ilerletmek babatda ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam edýän taslamalar hem şeýle başlangyçlaryň hataryndadyr.