“Röwşen” hususy kärhanasy Adalat ministrligine degişli iki edara binasyny gurar

“Röwşen” hususy kärhanasy Adalat ministrligine degişli iki edara binasyny gurar
Gurluşyk işlerinden bir pursat (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Adalat ministrligine Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ministrlige degişli edara binalaryň taslamalaryny düzmäge we gurmaga “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Degişli taslamalar zerur bolan ähli inžener-aragatnaşyk, gaz we elektrik üpjünçilik düzümleriniň döredilmegini öz içine alýar.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022