Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 31 million 690 müň ABŞ dollaryna barabar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy $31,65 million bolan “B” görnüşli karbamidi satyn aldylar. Owganystanly işewür wekil bolsa $40 müň bolan natriý hloryny satyn aldy. Ýerlenilen önümler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilendir.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin 6,64 million manatlyk nebit galyndylaryny we 4,2 million manatlyk buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.