Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Rozumbaý Rejepow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gaýtadan işlenilýän serişdelerden PET lentalaryň önümçiligine başlady.
Duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berlişine görä, kärhanada Hytaýdan getirilen häzirki zaman enjamlar gurnalyp, olar dürli içgileri gaplamakda ulanylýan PET gaplary – plastik gutulary gaýtadan işelmäge mümkinçilik berýär. Gaýtadan işlemegiň netijesinde PET lentalaryň önümçiligi üçin ýokary hilli çig mal alynýar.
Kärhananyň öndürýän önümleri diňe bir daşyndan getirilýän harytlaryň öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli önümleriň görnüşlerini düýpli giňeldýär. Harytlar diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, Özbegistana, Türkiýä we Gruziýa hem eksport edilýär.
Telekeçi Rozumbaý Rejepow kärhananyň önümçiligi giňeltmegi we täze iş orunlaryny döretmegi meýilleşdirýändigini bellemek bilen, hususy pudagyň ösdürilmegi üçin döredilýän şertler üçin ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirdi.
PET lentalar – bular plastik önümlerden alynýan polietilentereftalat sargylar bolup durýar. Olar önümleri gaplamak, ýükleri daşamak ýaly dürli pudaklarda, şol sanda dokma we gurluşyk senagatynda berkitmek, harytlary gaplamak we daňmak işinde giňden peýdalanylýar.