Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän, balykçylyk bilen meşgullanýan “Elin balyk” hojalyk jemgyýeti süýji suwda ýaşaýan “Rozenberg” atly şa krewetkalaryny ösdürip ýetişdirmegi özleşdirip, alyp barýan işini barha giňeldýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Tailand döwletinden getirilen bu görnüşiň agramy 100 grama, göwrümi bolsa uly adamyň eliniň aýasynyň ululygyna çenli ýetip bilýär. Kompaniýa geljekde deňiz suwlarynda ýaşaýan “Wannami” diýlip atlandyrylýan krewetka görnüşini ösdürip ýetişdirmegi synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.
Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin telekeçiler Eýranda we Tailandda degişli usullary öwrendiler. Önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi bilen baglylykda, önümçilik çägini giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda balykçylyk hojalygy zagara, tüňňimaňlaý, ak amur, afrika lakgasy, tilýapiýa we bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýär. Önümçilik kuwwatlyklary özünde 6 sany ýapyk önümhanany, liçinkalar, molýuskalar we harytlyk balyklar ösdürilip ýetişdirilýän zolaklar hem-de işbil taşlanylýan ýerler bar. Ýakynda bolsa Russiýadan, Eýrandan we Ýewropadan getirilen enjamlar ornaşdyrylan inkubator önümhanasy guruldy.
Kärhana ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, şol sanda suwuň ýitirilmegi iň az derejede bolan (10 göterimden köp däl), şeýle hem himiki we antibiotik serişdeler ulanmazdan balyk ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usullaryndan peýdalanýar.
Garagum derýasynyň 750-nji kilometrliginde ýerleşýän, 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan balykçylyk hojalygynyň tutýan meýdany 130 gektara barabardyr. Umumy göwrümi 400 müň kub metr bolan 20 sany howuz kärhananyň garamagyndadyr. Munuň üçin ýerler döwlet tarapyndan 99 ýyllap mugt peýdalanmaga berlendir.