TDHÇMB

Aşgabatda “HRD Antwerp Point of Trust” ýuwelir dükany açylar

BT
Aşgabatda “HRD Antwerp Point of Trust” ýuwelir dükany açylar
Tebigy brilliant daşynyň hakykylygyny tassyklaýan hasabat (Surat: HRD Antwerp)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda brilliant, ýakut, zümerret, lagyl we tanzanit ýaly gymmat bahaly daşlar bilen bezelen ýokary hilli bezeg serişdeleriniň toplumy hödürleniljek täze aňrybaş şaý-sep dükanyny açmaga taýýarlyk görülýär. Gaýtalanmajak bezeg usulynda ýerine ýetirilen ähli şaý-sepler brilliantlary güwänamalaşdyrmak babatda Ýewropada öňdebaryjy gurama bolan “HRD Antwerp” tarapyndan sertifikatlaşdyrylar. Meşhur “Zümmeret” gymmatbaha şaý-sepler merkezinde açyljak dükan Ýewropanyň belli şaý-sep ussahanalary tarapyndan döredilen, el işi ýokary hil standarty bilen utgaşýan bezeg serişdelerini hödürlär.

“HRD Antwerp Point of Trust” bölek satuw torunyň resmi agzasy hökmünde täze dükan şaý-sep bazarynda ýokary ynam we açyklyk derejesine ymtylýan söwdagärleriň gaýtalanmajak jemgyýetine goşular. Bu dereje hödürlenilýän ähli önümleriň hakykylygyny we ýokary hil derejesini kepillendirýär.

Dükana geljekler diňe bir “HRD Antwerp” sertifikatlary berlen şaý-sep bezegleri içgin saýlap däl, eýsem, her bir gymmat bahaly daşy kompaniýanyň mikroskopynyň kömegi bilen hil derejesini özleri hem öwrenip bilerler. Her bir bezeg serişdesine onuň aýratynlyklaryny we hakykylygyny tassyklaýan sertifikatlar berler.

Dükan öz öňünde Aşgabatda şaý-sep bazaryny täze derejä çykarmagy maksat edip goýup, alyjylara diňe bir bezeg daşlaryny däl, eýsem, ynama, açyklyga we Ýewropa ussatlyk däplerine esaslanýan gaýtalanmajak tejribäni hödürleýär. “HRD Antwerp” we Ýewropanyň öňdebaryjy ussahanalary bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, dükan Türkmenistanda brilliantlaryň, gymmat bahaly daşlaryň we gaýtalanmajak bezeg şaý-sepleriň gadryny bilýänler üçin esasy nokada öwrülmegi maksat edinýär.

Dükanyň resmi açylyşy mart aýynyň başynda meýilleşdirilýär. Bu ýere geljekler Aşgabadyň merkezinde aňrybaş bezegiň, hiliň we açyklygyň sazlaşykly utgaşygyny duýup bilerler.

Belgiýanyň Antwerpen şäherinde 1973-nji ýylda döredilen “HRD Antwerp” brilliant daşlaryny sertifikatlaşdyrmak boýunça iň abraýly guramalaryň biri bolup durýar. Kompaniýa bahalandyryşynyň ýokary takyklygy we amallarynyň açyklygy bilen giňden tanalýar. Munuň özi onuň sertifikatlarynyň gymmat bahaly daşlaryň hakykylygynyň we ýokary hil derejesiniň kepili bolup çykyş etmegine getirýär.

Mart 17, 2025