TDHÇMB

TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: 25,1 million manatlyk geleşikler baglaşyldy

BT
TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: 25,1 million manatlyk geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda bahasy 24 million 125 müň manada barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär. 

Ýerli telekeçiler jemi bahasy 19 million 375 müň manat bolan düz (float) aýna, 4 million manatlyk “TPP D 30 S” görnüşli polipropilen hem-de 750 müň manatlyk çig saten matasyny satyn aldylar. 

Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri daşary ýurt puluna jemi bahasy $2,19 million bolan “ТС-1” uçar kerosinini satyn aldylar. 
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 36 geleşik hasaba alyndy. 

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Mart 27, 2025