Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy, 2022-nji ýylyň 28-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: balkanshipyard.com.tm)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda telefon arkaly söhbetdeş boldular.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ähmiýeti barada durup geçip, iki ýurduň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň çäginde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler boýunça maslahat etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler meýilleşdirilen özara saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar.

2022