TDHÇMB

TDHÇMB-niň sişenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $12,6 milliondan geçdi

BT
TDHÇMB-niň sişenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $12,6 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda bahasy 12 million 635 müň ABŞ dollar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 9 million 110 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýeden gelen işewür hem 3 million 525 müň ABŞ dollarlyk suuwklandyrylan gaz satyn aldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin bahasy 372 müň 931 manat bolan nah-ýüplük galyndylaryny hem-de gazbeton bloklaryny satyn aldylar.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 13, 2025