TDHÇMB

TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: 49,5 million manatlyk nebithimiýa önümleri satyldy

BT
TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: 49,5 million manatlyk nebithimiýa önümleri satyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky söwdalaşyklardan pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalaşyklarynda bahasy 49 million 500 müň manat bolan nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologiýa düzümlerinde öndürilen “SN-600” görnüşli binýatlyk ýagyny we “TPP Z 30 G” görnüşli polipropileni satyn aldylar.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili bahasy 2,61 million ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy, onuň türkiýeli kärdeşi bolsa, 220,5 müň ABŞ dollarlyk buýan köküniň ekstraktyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda jemi 12 geleşik hasaba alyndy.

Mart 27, 2025