Türkmen kompaniýalary “Kids Russia 2025” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrarlar

BT
Türkmen kompaniýalary “Kids Russia 2025” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrarlar
“Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy, 2024-nji ýylyň 20-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: kids.turkmenexpo.com)

Türkmen kompaniýalary 2025-nji ýylyň 18 – 20-nji martynda Russiýanyň Moskwa şäherindäki “Crocus Expo IEC” sergiler merkezinde geçiriljek “Kids Russia” sergisine gatnaşarlar. Çagalar we ýetginjekler üçin önümlere we hyzmatlara bagyşlanylan çäre türkmen işewürlerine öz önümleriniň ýaýrawyny giňeltmäge we geljegi uly hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Turkmen Expo” kompaniýalary 19-njy gezek geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre işewürligi ösdürmek, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giň halk köpçüligini önümler bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär.

Çagalar we ýetgnjekler üçin harytlar we hyzmatlar bazarynda ýaz paslynda geçirilýän möhüm pudaklaýyn çäre bolan “Kids Russia” sergisinde oýunlar, oýunjaklar, okuw gollanmalary, mekdebe degişli esbaplar, çaga lybaslary, saglyk we gözellik serişdeleri başga-da köp harytlar görkeziler.

Sergä 5 – 10 müň aralygynda adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolaryň 80 göterimi bolsa haryt satyn almak bilen meşgullanar diýlip çaklanylýar. Çäräniň “FOOD EXPO” (azyk önümleri) we “HOUSE HOLD” (öý-hojalyk harytlary) sergileri bilen bir wagtda geçirilmegi olary görmäge gelýänleriň sanyny has-da artdyrar.

2022