“Hepdelik” kärhanasy mesge ýagynyň täze görnüşini hödürledi

BT
“Hepdelik” kärhanasy mesge ýagynyň täze görnüşini hödürledi
“Hepdelik” kärhanasynyň işgärleri peýniriň hilini barlaýar, 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry, Lebap welaýaty, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Nurgül Haknazarowa degişli “Hepdelik” türkmen kärhanasy “Altyn asyr” haryt nyşany bilen mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Balta Myradowa şäherçesinde ýerleşýän kärhana ýaglylyk derejesi 72,5 göterim bolan, 200 we 500 gramlyk gaplarda ýaglary çykarýar. Satlykda eýýäm peýda bolan täze önümler uly islegden peýdalanýar.

Kärhana mesge ýagyndan başga-da, süýt önümleriniň giň görnüşlerini, şol sanda ýaglylygy 45 göterim bolan “Abywerd” nyşanly duzlanan we gaty peýnir öndürýär. Bu görnüşli peýniriň her aýdaky öndürilişiniň möçberi 2 tonnadan geçýar. Kärhana her aý hususy maldarçylyk hojalyklaryndan alynýan we barlaghana gözegçiliginden geçirilen 30 tonnadan gowrak süýdi gaýtadan işleýär.

2017-nji ýylda döredilen “Hepdelik” kärhanasy önümlerini köpsanly söwda nokatlaryna ibermek we konditer önümleriniň gerimini giňeltmek bilen okgunly ösüşi gazanýar. Kärhanada Niderlandlardan we Hytaýdan getirilen enjamlaryň ornaşdyrylmagy pudaklaýyn standartlara gabat gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

2022