Türkmen keramzit zawody 1,1 million manatlyk önüm öndürdi

BT
Türkmen keramzit zawody 1,1 million manatlyk önüm öndürdi
Keramzit önümçiliginden pursat (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde şu ýylyň ýanwar aýynda bahays 1,117 million manada golaý bolan önüm öndürildi. 

Şu ýylyň birinji aýynda kärhana 5 520 kubmetr önüm öndürip, önümçilik möçberini geçen ýylyň degişli döwründäki derejede sakladylar diýip, “Türkmenawtoualglary” agentligi penşenbe güni habar berdi. 

Kärhanadaky döwrebap enjamlar çig maly halkara ölçeglere laýyk derejede gaýtadan işlemäge mümkinçilik berip, gurluşyk pudagy üçin önümleriň ýokary hilini üpjün edýär. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan keramzit zawody ýurtda gurluşyk serişdelerini öndürýän iri kärhanalaryň biri hasaplanylýar. 

2022