Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüniň gurluşygyny maý aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Halkara ölçeglere gabat gelýän köpri iki hereket zolagyny özünde jemleýän ikitaraplaýyn hereket üpjün ediler. Onuň uzynlygy 354 metre, giňligi bolsa 21 metre deň bolar. Munuň özi köprüniň ýokary geçiriş ukybyny we ulanylyşyşynyň uzakmöhletliligin kepillendirýär.
Häzirki wagtda diregleri betonlamak, metal düzümleri kebşirlemek we beton aralaryny berkitmek hem-de hereket zolagyny asfaltlamaga taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Täze desganyň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi üçin ähli işler wagt we hil derejesine berk eýermek bilen ýerine ýetirilýär.
Köprüniň gurluşygy 2022-nji ýylyň iýul aýynda girişildi. Ol Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýan “Altkom ýol gurluşygy” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Esasy serişdeler, şol sanda metal düzümler Türkiýeden, Germaniýadan we Beýik Britaniýadan getirilýär.