Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli “Guwlyduz” kärhanasyny ýokary hilli duz öndürýän täze önümhanalary gurmak şerti bilen döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň gurluşyk we senagat meselelerine gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
B.Annamämmedow häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmaga hem-de “Guwlyduz” kärhanasynda önümçilik işini kämilleşdirmäge gönükdirilip alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, ady agzalan konsern bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýerli serişdeleri netijeli ulanmagyň we ugurdaş halkara ölçeglere laýyk gelýän önümçilikleri döretmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Guwlyduz” kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi senagat boýunça wise-premýere tabşyrdy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň iň iri kärhanalarynyň biri bolan “Guwlyduz” kärhanasy azyklyk duzy öndürmek boýunça sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.