Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 9 million 543 müň ABŞ dollar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen, jemi bahasy 3 million 843 müň ABŞ dollar bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldy.
Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri öz gezeginde, portlandsementini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 5 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda jemi 27 geleşik hasaba alyndy.