Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 92 milliard manatdan geçdi

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 92 milliard manatdan geçdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 135,71 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 102,220 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 52 milliard 128 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 55 milliard  008 million manada deň boldy.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 14 milliard 761 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 287 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 247 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 807 million manada deň boldy.

2022