“Täze Aý” “Merw” we “Ereme Peýnir” atly täze önümçilige başlady

BT
“Täze Aý” “Merw” we “Ereme Peýnir” atly täze önümçilige başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowa degişli “Täze Aý” kärhanasy peýnir önümleriniň täze görnüşlerini ýola goýdy. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi.

Täze önümlere 250 gram agramda çykarylýan halka görnüşli “Merw” we suwuk görnüşli “Ereme Peýnir” peýnirleri girdi. “Merw” peýniri bölekläp, kesişdirip iýmek, “Ereme Peýnir” bolsa çöregiň ýüzüne çalmak ýa-da dürli goşundy edip ulanmak üçin örän amatlydyr.

Kompaniýanyň Mary şäherinde ýerleşýän kärhanalarynda süýji-köke öndürilende Ýewropanyň we Türkiýäniň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilik usullaryndan peýdalanylýar. Kärhana her gün tonnalap süýt önümlerini öndürmek bilen olary içerki we daşarky bazarlara ýetirýär.

“Täze Aý” kompaniýasy häzirki wagtda azyk önümleriň 500-den gowragyny öndürýär. Şolaryň içine dürli görnüşli peýnirler, mesge ýaglary we ýogurtlar uly islegden peýdalanýar.

Ýakynda kompaniýa “Weekend” atly tebigy şibit-arpabadyýanly çipsilerini, “Şowhun” atly mekgejöwen taýajyklaryny hem-de tüwüden we bugdaýdan taýýarlanylan şekeriň goýy şiresi ýa-da şeker bilen örtülen “Salýut” atly ýeňiljek süýjüliklerini hödürlemek bilen önüm görnüşlerini has-da giňeltdi.

2022