Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Meret Orazow sişenbe güni Waşingtonda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Boeing”, “John Deere”, “Case New Holland”, “Palo Alto”, “Climate Compass”, “ExxonMobil”, “Oxbow”, “Sig Sauer” hem-de “Coca-Cola” ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ýurtlaryň arasynda işewürlik başlangyçlary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi diplomatik wekilhananyň Türkmenistanyň we ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň goldamaga taýýardygyny, munuň üçin täze ugurlary agtarmagyň möhümdigini belledi. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny, işewürlik ulgamynda bilelikdäki sepgitlere ýetmek üçin tagallalary etjekdiklerini aýtdylar.
Mundan başga-da, M.Orazow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurduň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan giň mazmunly çykyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatik dialogy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilip geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi.