Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bellenilýär

BT
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bellenilýär
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen çäre, 2022-nji ýylyň 8-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni giňden baýram edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli ähli eneleri, gelin-gyzlaryny gutlady diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Sizi tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde we uly üstünlikleriň gazanylmagynda zenanlaryň uly goşandynyň bardygyny belledi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary hem ulanylmaga berildi.

2022