TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: eksport geleşikleri $26 milliondan geçdi

TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: eksport geleşikleri $26 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky söwdalaşyklardan pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda 25 million 839 müň 500 ABŞ dollaryna barabar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gaz we “ECO 93” görnüşli awtomobil benzin satyn aldylar.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 23 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022