Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň "Rysgally pagta" hususy kärhanasy ýeňil senagatynda uly islegden peýdalanýan sintetik sinteponyň önümçiligini ýola goýdy.
Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan hususy kärhana importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilendir diýlip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Geçen ýylyň ikinji ýarymynyň özünde bu ýerde 3 tonnadan gowrak sintepon öndürilip, ýurt içindäki buýrujylara iberildi.
Kärhana uly çägi eýelemek bilen önümçilik we ammar desgalaryny özünde jemleýär. Önümhanalarda sintetik süýüm öndürýän enjamlar ornaşdyrylyp, önümçilik işi uly möçberdäki ýylylygyň bölünip çykmagy bilen utgaşýar.
Kärhanada taýýarlanylýan sintepon özüniň ýeňilligi, çeýeligi we dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Ol poliefir ýüplükden we gaýtadan işlenilen polietilenden öndürilýär. Taýýar önüm diňe bir dokma pudagynda däl, eýsem, oýunjaklaryň önümçiliginde hem ulanylýar.
Kärhananyň ýolbaşçysy Ikram Dosmetowyň bellemegine görä, bu ýerde häzirki zaman ölçeglerine, şol sanda ekologiýa ülňülerine laýyk gelýän ähli şertler döredilendir. Önümçilik işiniň awtomatlaşdyrylmagy harytlaryň ýokary hilli çykmagyny üpjün edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, geljekde önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy we işleriň iki iş çalşygynda guralmagy meýilleşdirilýär.
Kärhanada dokma serişdelerinden we süýüminden galan galyndylar arassalanylyp, olardan mebel we matras önümçiligi üçin rulon görnüşinde hojalyk pamygy hem öndürilýär.