2025-nji ýylyň 11 – 13-nji aprelinde Türkiýäniň Antalýa şäherinde ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň goldamagynda we Daşary işler ministrliginiň guramagynda 4-nji Antalýa diplomatiýa forumy (ADF2025) geçiriler.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, forum dünýä döwletleriniň liderlerini, syýasatçylaryny, alymlaryny, işewürlik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we raýat jemgyýetçiliginiň wekillerini möhüm ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýollaryny agtarmak maksady bilen bir ýere jemlär.
Forum halkara düzümleriniň işini pugtalandyrmagyň we döwletleriň arasynda ynanyşmagyň kemala gelmeginiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürlär.
Forumyň maksady halkara gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin ýollary tapmaga we ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge ýardam edýän netijeli dialog üçin amatly meýdançany döretmekden ybaratdyr. Forum şeýle hem möhüm dünýä meselelerini çözmäge gönükdirilen diplomatik işe inklýuziw we innowasion çemeleşmeleri ilerletmäge ýardam eder.
2025-nji ýylyň Antalýa diplomatiýa forumy dünýäde diplomatik tagallalaryň ösdürilmeginde, dünýä tertibiniň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm waka bolar.
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşypdy.