Türkmenistanyň “Röwşen AGRO” kompaniýasy Mary welaýatynda tropiki miweleri we banan ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyna başlady.
Türkmenistanda şeýle iri başlangyjy durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan Wekilbazar etrabynyň çäginde 50 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. 12 gektar ýerdäki işler has-da işjeň häsiýete eýedir diýlip, “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ýyladyşhana toplumynda häzirki zaman tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylyp, ol tapgyrlaýyn esasda ulanmaga berler. Bu taslama diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Toplumyň açylmagy bilen ýaşlar üçin ýüzlerçe täze iş orunlary dörediler, ýerli ýaşaýjylar bolsa ekologiýa taýdan arassa tropiki miweleri amatly bahalardan almaga mümkinçilikleri berer.
Bu başlangyç Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek we azyk önümleri daşary ýurtlardan getirmäge bolan garaşlylygy azaltmak boýunça strategiýanyň möhüm bölegidir.
“Röwşen” hususy kärhanasyna degişli, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pomidor, hyýar ýaly ter gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşen “Röwşen AGRO” ýyladyşhana toplumy 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Önümçilik işinde Türkiýeden we Niderlandlardan getirilen iň aňrybaş tohumlardan peýdalanylýar. Önümleriň esasy bölegi ýurduň içerki bazarynda sarp etmek üçin niýetlenendir. Muňa garamazdan, hasylyň bellibir bölegi Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa hem eksport edilýär.