TDHÇMB

Türkmen dizaýnerleri Aşgabatdaky halkara moda görkezilişinde öz işleri bilen tanyşdyrarlar

BT
Türkmen dizaýnerleri Aşgabatdaky halkara moda görkezilişinde öz işleri bilen tanyşdyrarlar
Aşgabadyň Modalar öýünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň guramagyndaky moda görkezilişi (Surat: TDH)

2025-nji ýylyň 17 – 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçirilýär. Onuň çäklerinde türkmen paýtagtynda ilkinji gezek häzirki zaman modasynyň halkara görkezilişi geçiriler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy dizaýnerleri gatnaşarlar. Onda Türkmenistanyň Dokma senagatynyň Modalar öýi hem-de “Mähirli Zenan”, “Jennet tagty”, “Mynasyp”, “Nagyşly güzer”, “Gölli”, “Aina Sari” we “Aýperi” ýaly harytlyk nyşanlarynyň belli dizaýnerleri öz önümlerini görkezerler. Gözden geçirilişde milli däpler häzirki zaman moda ýörelgeleri özara utgaşdyrylan lybaslar toplumy hödürlener.

Mundan başga-da, gözden geçirilişe Italiýadan, Fransiýadana, Marokko Patyşalygyndan we Oman Soltanlygyndan ýokary derejeli dizaýnerleriň işleri bilen tanyşdyrylar.

Halkara moda görkezilişi “Al Arabiya TV”, “Al Dubai Arabiya TV”, “Fashion TV” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, “Vanity Fair”, “Vogue”, “MARIE CLAIRE ARABIA”, “GRAZIA”, “HELLO RUSSIA”, “ELLE” we “FASHION NETWORK” ýaly neşirleriň ünsüni özüne çekýär.

Halkara moda gözden geçirilişi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we halkara forumynyň çäklerinde geçirilýär. Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri öz içine alýan ýörite maksatnama işlenilip düzüldi.

Mart 19, 2025