Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy, ÝUNISEF hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy, ÝUNISEF hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Oguljahan Atabaewanyň Jalpa Ratna bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji marty, Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: TDH)

Şenbe güni Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň özüniň oňyn netijesini berýändigi, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Gepleşiklerde çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bu babatdaky kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Jalpa Ratna diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde giňden tanalýan Gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrikleriniň we düzümleriniň arasynda gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti barada hem durlup geçildi.

ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň tutuş dünýäde nusgalykdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gaznanyň wise-prezidenti ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärlerini Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Döredilen wagtyndan bäri Gazna dürli ýurtlarda tebigy hadysalardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömekleri iberdi, Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalaryň ençemesine bolsa lukmançylyk bejergilerini üpjün etdi.

2022