TDHÇMB

“Düýeguş” guş gönünden önüm öndürmäge başlamakçy

BT
“Düýeguş” guş gönünden önüm öndürmäge başlamakçy
“Düýeguş” maldarçylyk hojalygynyň diwarlygy TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

“Düýeguş” maldarçylyk hojalygy Afrika düýeguşlarynyň gönünden gaýtalanmajak önümleri öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň satuw işleri boýunça dolandyryjysy Anastasiýa Stepanişewa TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenitsan” internet neşirine mälim etdi.

“Düýeguş göni – ýokary hilli gaýyş önümleri öndürmek üçin naýbaşy serişdedir. Biz torbalary, aýakgaplary, gyş ýapynjalary we kitap sahaplaryny öndürmek ugrunda iş alyp barýarys” diýip, Stepanişewa aýtdy.

Onuň bellemegine görä, düýeguş göni berkligi taýdan krokodiliň we piliň derisiniňki bilen deňeçer bolup, hili, ýumşaklygy we maýyşgak häsiýeti bilen olardan has ýokary derejelidir. Her bir guşdan 1,5 inedördül metr çig mal almak mümkindir.

Kompaniýa ownuk elektron enjamlary arassalamakda, atyr önümçiliginde we bezeg sungatynda düýeguş ýeleklerinden hem peýdalanýar.

“Biziň maksadymyz – tebigy ynsan saglygy üçin peýdaly organiki önümleri öndürmekden ybaratdyr” diýip, kärhananyň wekili nygtady.

2022-nji ýylda esaslandyrylan “Düýeguş” maldarçylyk hojalygy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 5 gektar ýeri bolup, onda 2 müň sany Afrika düýeguşy saklanylýar. Ýakyn wagtda onuň baş sanyny 10 müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýa gön bilen bir hatarda, düýeguşuň ekologiýa taýdan arassa et önümleri bilen hem üpjün edýär, inkubatorlar arkaly ýumurtgalardan düýeguş jüýjelerini alyp, ösdürip ýetişdirýär. Ähli düýeguşlar ösüş garmon serişdeleri ulanmazdan, tebigy iým arkaly iýmitlendirilýär. Munuň özi alynýan et önümleriniň we ýumurtgalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

Mart 22, 2025