“Döwletli” türkmen kärhanasy 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan sergide optiki süýümli kabelleriň önümçiliginde gazananlaryny görkezmek bilen bu ugurda öndürýän önümleri bilen tanyşdyrýar. Kompaniýa Türkmenistanda optiki süýümli kabelleri öndürýän ýeke-täk iri kärhanadyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Kompaniýa gysga wagtda ähli bildirilýän talaplara laýyk gelýän önümleri öndürmäge ukyplydyr. Milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we elektron senagaty ösdürmek ugrunda iş alyp barýan kärhana dünýä ülňülerine laýyk gelýän IT çözgütleri döredýär diýip, kompaniýany esaslandyryjy telekeçi Döwletmyrat Amanaýew belledi.
“Döwletli” kärhanasy kompýuterleriň giň görnüşlerini, ýokary hilli kompýuter korpuslaryny, dürli kysymly IT önümleri we passiw telearagatnaşyk enjamlary hem hödürleýär. Kompaniýanyň işgärleri maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly ykdysady ösüşe goşant goşmagy maksat edinýärler.
2001-nji ýyldan bäri işläp gelýän kompaniýa ykdysady ösüşe ýardam edýän IT çözgütleri döretmek bilen önümleriniň görnüşlerini barha giňeldýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergi hususy kärhanalara öz önümlerini gyzyklanma bildirýän taraplara tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär.