TDHÇMB

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ministri bilen türkmen gazynyň iberilişini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ministri bilen türkmen gazynyň iberilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegini, şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara çykarylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkiýäniň energetika ministri öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geldi.

Serdar Berdimuhamedow halkara forumynyň netijeleriniň iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de bu babatda Türkmenistanyň Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen kenarynda türk kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän taslamalary, şol sanda türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä hem-de beýleki ýurtlara eksport etmäge şertleri döretjek utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy barada aýratyn durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dost-doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Mart 23, 2025