TDHÇMB

Türkmen önüm öndürijileri “Köýtendagly” haryt nyşanly, ýertudana tagamly bal öndürdiler

BT
Türkmen önüm öndürijileri “Köýtendagly” haryt nyşanly, ýertudana tagamly bal öndürdiler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli sergide “Köýtendagly” haryt nyşanly önümleriň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň dürli sebitleriniň arybal öndürýän hojalyklary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan türkmen kärhanasy “Köýtendagly” haryt nyşanly, ýertudana tagamly bal öndürmek bilen önümçiligini giňeltdi. Kompaniýa şeýle hem miweleriň eredilen görnüşlerini öndürýän “Erem” kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Köýtendagly” haryt nyşany bilen bal öndürýän öndürijiler önümleriniň giň görnüşlerini, şol sanda dürli görnüşli maňyzlar goşulan ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ballaryny hödürleýär. Häzirki wagtda grek hozy, arassalanan pisse, badam, tokaý hozy ýaly her tüýsli tagamly balyň 10-dan gowrak görnüşi satlyga çykarylýar.

“Köýtendagly” haryt nyşanly ballar ýerli sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanylýar. Mundan başga-da, türkmen tebigy arybaly Katar Döwletine eksport edilýär. Şeýle hem owgan bazaryna çykmak mümkinçilikleri öwrenilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli sergide hususy kärhanalaryň täze önümleri, şol sanda oba hojalyk önümler – bakja, däneli, et-süýt, süýji-köke önümleri, miwe suwlary we başga-da köp sanly harytlar görkezildi.

Mart 23, 2025