TDHÇMB

Türkmenistan we Türkiýe gazyň iberilişini 1,3 milliard kubmetre çenli artdyrarlar

BT
Türkmenistan we Türkiýe gazyň iberilişini 1,3 milliard kubmetre çenli artdyrarlar
Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, 2025-nji ýylyň 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TRT Global)

Türkmenistan we Türkiýe tebigy gazyň iberilýän möçberini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliard kubmetre ýetirmegi meýilleşdirmek bilen, energetika pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň resmi metbugatynda köpçülige ýetirilen interwýusynda mälim etdi.

Ministr hereket edýän häzirki ylalaşygyň möhletini uzaltmak we täze energetika taslamalary durmuşa geçirmek babatda gepleşikleriň geçirilýändigini belledi. A.Baýraktar mundan başga-da 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan, ýagny türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilip başlan wagtyndan bäri 1,5 million hojalygyň zerurlyklarynyň üpjün edilendigini aýtdy.

Alparslan Baýraktar tebigy gaz ibermeleriň Hazar deňzi arkaly hem amala aşyrylýandygyny belledi. Onuň nygtamagyna görä, bu ugur energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geljekde has-da ösdüriler. Täze energiýa torlaryny we geçiriş ulgamlaryny gurmagyň mümkinçiliklerine hem garalýar. 2025-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň  geçirilmegine garaşylýar. Onuň netijeleri boýunça taraplar energetika ulgamynda täze ylalaşyklary baglaşmagy meýilleşdirýärler.

A.Baýraktar Türkiýäniň diňe bir türkmen gazyny üstaşyr geçirmäge däl, eýsem, nebit we gaz serişdelerini gazyp almak pudagynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylyka, “Turkish Petroleum” kompaniýasynyň Galkynyş känini özleşdirmek boýunça işleri alyp barýandygy bellenildi.

Bu boýunça gepleşikler BMG-niň ýardamy bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde geçiriler. Çäräniň çäklerinde şeýle hem syýasy, ykdysady we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Mart 23, 2025