TDHÇMB

Türkmenistanda 142,5 müňden gowrak birinji synp okuwça kompýuterler berler

BT
Türkmenistanda 142,5 müňden gowrak birinji synp okuwça kompýuterler berler
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: TDH)

2025-nji ýylda birinji synpa kabul ediljek 142 müň 698 okuwçy noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

B.Orazdurdyýewa häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalarynyň öwrenilendigini, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalarynyň alnandygy barada aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilim işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek bilen bagly işleri talabalaýyk geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Mart 25, 2025