Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 3 milliard 246 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 2 milliard 788 million 279 müň 211 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 315 million 841,7 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 4 million 541,3 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 95 million 610,3 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 791,6 müň manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 41 million 386,7 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.