Türkmenistanda täze suw we lagym arassalaýjy desgalar ulanylmaga berildi

BT
Türkmenistanda täze suw we lagym arassalaýjy desgalar ulanylmaga berildi
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylan suw arassalaýjy desga, 2025-nji ýylyň 28-nji marty (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde döwrebap suw we lagym arassalaýjy desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Gyzylarbat etrabynda öndürijiligi bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan häzirki zaman suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi. Toplum suwy biologik taýdan arassalamak üçin göwrümi 90 müň kub metr bolan desga bilen üpjün edilipdir. 

Tagtabazar etrabynda täze gidrotehniki desga açyldy. Kuwwatlylygy 20 müň kubmetre deň bolan suw arassalaýjy toplum “Istibar”, “Guşgy” atly suw ýataklaryndaky 18 sany suw guýusyndan alynýan suwlary arassalap, ilata ýetirýär. 

Kaka etrabynda Duşak şäherçesiniň we oňa golaý ilatly ýerleriň ilatyna hyzmat etmäge niýetlenen lagym arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Desganyň bir gije-gündizdäki kuwwaty 10 müň kubmetre deňdir. 

Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde kuwwatlylygy 5 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desganyň gurluşygy tamamlandy. 

Ulanylmaga berlen ähli desgalarda Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary derejeli enjamlary oturdylypdyr. Hünärmenler lagymdan arassalanan suwlary oba hojalyk ekinlerini suwarmakda ulanmagy meýilleşdirýärler. Munuň özi suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. 

Desgalary ulanmaga bermek dabaralary artistleriň we sungat ussatlaryň gatnaşmagyndaky medeni maksatnama bilen utgaşdyryldy. Munuň özi bu çäreleriň ýerli ýaşaýjylar üçin uly ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022