Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky (TDHÇMB) söwdalaşyklarda bahasy 38 million 127 müň ABŞ dollaryna barabar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, BAE-niň we Maltanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen nebit ýol bitumyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropilenini we az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna şeýle hem biz mata, nah ýüplügi, pagta süýümi ýerlenildi. Bu önümleri Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň kärhanalary satyn aldylar.
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda 34 geleşik hasaba alyndy.