Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalaryny synlaýar, 2025-nji ýylyň 31-nji marty, Balkan welaýaty (Surat: THP)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Balkan welaýatyna iş sapary bilen baryp, bu ýerde Hazaryň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary hem-de halkara çärelere taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze desgalary ulanmaga bermek boýunça meýilnamalar, öňde boljak halkara forumyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Ulag düzümlerini ösdürmäge aýratyn üns berildi we Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi ýolunyň möhüm bölegi bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygy bilen tanyşdy.

Iş maslahatynyň dowamynda halkara maslahatyň wekiliýetlerini kabul etmegiň, çäräniň medeni maksatnamasynyň hem-de oňa ýaşlaryň gatnaşmak meselelerine hem garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow çäräniň ýurduň halkara abraýyny belende götermekdäki ähmiýetini nygtap, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

2022