2025-nji ýylda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşine 3,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar gönükdirmek meýilleşdirilýär. Maliýe serişdeleri iri gurluşyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, senagat desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we gurluşyk ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdiriler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşnebe güni habar berdi.
Türkmenistanda gurluşyk pudagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de raýatlar üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy möhüm ähmiýetli başlangyç bolup durýar. Amatly we howpsuz şäher gurşawyny döretmek Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Munuň şeýledigi okgunly ösýän we häzirki zaman şähergurluşygynyň we durnukly ösüşiň nusgasyna öwrülen paýtagt şäher Aşgabadyň mysalynda hem aýdyň görünýär.
2025-nji ýylyň maksatnamasyna laýyklykda, 500 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4620 okuwça niýetlenen mekdepleri hem-de 2000 orunlyk çagalar baglaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Öňaldy we Gowşut geňeşliklerinde döwrebap obalar hem-de Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze ilatly ýerler ulanmaga berler.
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat bölegi 2025-nji ýylyň möhüm ähmiýetli taslamalarynyň hatarynda bolar. 2025-nji ýylda şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny tamamlap ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.