Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 16 geleşik hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Gyrgyzystanly telekeçiler nah mata we nah ýüplük satyn aldylar. Eksport geleşikleriniň jemi möçberi 835 müň ABŞ dollardan geçdi.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi bolan nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklaryny, boýalan matany, nah ýüplügi we dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Içerki bazar üçin baglaşylan geleşikleriň jemi möçberi 18,39 million manatdan gowrak boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.