Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bir wagtda 30 müň adamyň namaz okamagyna niýetlenen täze metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taslamada zenanlar üçin 5 müň orunlyk ýörite giňişlik göz öňünde tutulýar. Onuň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zaman gurluşyk ölçegleri bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Metijidiň içki bezeginde keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdy. Häzirki wagtda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary alnyp barlyp, köçeleriň hem-de şaýollaryň töwerekleri abadanlaşdyrylýar. Meşhur ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagy meýilleşdirilýän “Ahalteke atlary” şaýoluna aýratyn üns berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişinde 50-den gowrak türkmen kärhanalar hem-de medisina klasteriniň döredilmegine gatnaşýan halkara hyzmatdaşlar iş alyp barýarlar. Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, şol sanda häzirki zaman suw arassalaýjy we Gün energetikasynyň ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler alnyp barylýar.
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan Arkadag şäheri sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde hem-de şähergurluşyk, ekologiýa we sanly tehnologiýalar babatda innowasion çözgütleri üçin halkara ykrarnama eýe boldy. Taslama durnukly ösüş ýörelgeleri göz öňünde tutulyp, häzirki zaman inženerçilik çözgütleri “ýaşyl” şäher konsepsiýasy utgaşdyrylyp durmuşa geçirildi. Bu ugurda gazanan üstünlikleri üçin Arkadag şäheri birnäçe abraýly halkara sylaglara mynasyp boldy.