Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 49 million 600 müň manat bolan float aýnasyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
TDHÇMB-niň habar bermegine görä, türkmen telekeçileri 1 million 45 müň manat bahasy bolan flanel matasyny hem satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň we Owagnystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 827 müň 640 ABŞ dollaryna barabar bolan uçar ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 16 geleşik hasaba alyndy.