“Batly gadam” hususy kärhanasy taslama kuwwatlylygy bir gije-gündizde 6 tonna sütükli matalary we beýleki dokma önümleri öndürmäge ukyply täze önümhanany açdy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda habar berilýär.
Kompaniýa Hytaýdan getirilen ýokary derejeli tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrdy. Munuň özi diňe bir öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde kärhananyň daşarky bazarda eýeläýän ornuny berkider.
Kärhananyň öndürýän önümleriniň görnüşlerine halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli ýüplükler we jorap önümleri girýär. Önümler ýerli çig maldan – pagtadan öndürilýär.
Kärhananyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary Aýmämmet Amanmämmedowyň bellemegine görä, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda üstünlikli iş alyp barýan “Batly mülkdar” kömekçi hojalygy kärhanany pagta çig maly bilen durnukly üpjün edýär.
Ýewropanyň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan kärhananyň her aýdaky önümçilik kuwwaty 600 tonna nah ýüplügini we 2 million sany dürli jorap önümlerini öndürmäge deňdir.