Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda penşenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda umumy bahasy $13 million 123 müň 250 bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “ECO 93” görnüşli awtobenzin, “SN-600” görnüşli binýatlyk ýagy, “BND 60/90” görnüşli nebit ýol bitumyny hem-de “ТС-1” görnüşli uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birža söwdalaşyklarynda ýerlenilen önümler “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernlerinde öndürilendir.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin bahasy 10 million manada barabar bolan “TPP D 30 S” görnüşli polipropileni satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 16 geleşik hasaba alyndy.